- uly
- 1) Kiçi däl, göwrümi, gabarasy ullakan, gaba.∙ Bu zatlaryň şkafyň uly gözüne salaýsa, ulus-il rahat.2) Özüňden ýaşy ýokary bolan.3) Has aýratyn ähmiýeti bar bolan, has aýratyn ähmiýete eýe bolan.∙ Işiň ulusy öňde. («Sowet Türkmenistany» gazeti)∙ Bir kiçijik oglan şeýle uly iş bitiripdi -- diýip, il içine dabara düşüp, uly ile ýaýrady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)4) Göçme manyda Ýolbaşçy, serdar.∙ Uludan uly bar diýipdirler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)5) Batly, güýçli.∙ Birdenkä güýçlenip, uly ýel boldy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)∙ Onuň ýüreginde uly joşgunlar möwç urýar. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)∙ Ol öýden çykýardy uly zenzele. («Tokmak» žurnaly)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp (u) ýazylýar.Meselem uly - uluda, ulular, ulusy.◊ ula gitmek (goýbermek) — Ýaryşda iň uly baýraga atyňy goşmak.∙ Ýygymçylar edil atlaryny ula goýberen ýaly, tabelçä garaşyp durdular. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)◊ ula turmak — Göreşde atly pälwanlar bilen göreşmek, ilki dördüň biri bolmak.◊ uludan dem almak — seret dem∙ Uludan dem alýar, kellesin ýaýkap. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.